Türkmen ilçisi “IOGP Europe” bilen energetika hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy

BT
Türkmen ilçisi “IOGP Europe” bilen energetika hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanowyň Brýusselde “IOGP Europe” guramasynyň dolandyryjy direktory Fransua-Rejis Mouton de Lostalo bilen duşuşygy. (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Türkmen ilçisi Sapar Palwanow Halkara nebit we gaz öndürijiler birleşiginiň Ýewropa bölüminiň (IOGP Europe) dolandyryjy direktory Fransua-Rejis Mouton de Lostalo bilen energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşyga “IOGP Europe” guramasynyň Ýewropanyň energetika syýasaty boýunça wekili Enea Belardinelli hem gatnaşdy. Taraplar Ýewropa Bileleşiginiň energetika howpsuzlygy, energiýa üpjünçiliginiň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, energetika geçiş döwründe tebigy gazyň orny hem-de Türkmenistanyň Ýewropanyň energetika jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Sapar Palwanow Türkmenistanyň uly energetika kuwwatyny, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan yzygiderli syýasatyny we Ýewropaly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Duşuşykda türkmen tebigy gazyny Ýewropa bazaryna daşamagyň geljegi, şol sanda Hazar sebitiniň energetika infrastrukturasyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. “IOGP Europe” guramasynyň wekilleri Ýewropanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmagyň ähmiýetini hem-de energetika geçiş şertlerinde tebigy gazyň ähmiýetiniň saklanyp galýandygyny nygtadylar.

Şeýle hem taraplar metan zyňyndylaryny azaltmak, häzirki zaman ekologiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we energetika pudagynyň durnukly ösüşi boýunça tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we öňdebaryjy tehnologik çözgütleri ulanmaga gyzyklanma bildirýär. Duşuşykda “IOGP Europe” bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle hem birleşigiň düzümine girýän öňdebaryjy halkara energetika kompaniýalary bilen gatnaşyklary ösdürmek mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň energetika arabaglanyşygy boýunça bilelikdäki bilermenler maslahatlaryny guramak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi Türkmenistanda şu günlerde geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026” atly halkara maslahaty we sergsii (OGT 2026) barada belläp, birleşigiň wekillerini geljekde geçiriljek “OGT” maslahatlaryna we beýleki ugurdaş çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar gatnaşyklary dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygyň amaly ugurlaryny öwrenmäge özara gyzyklanma bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022