Lebap welaýatynda bäş hojalykdaky ownuk şahly mallar 110 müňe ýetdi

BT
Lebap welaýatynda bäş hojalykdaky ownuk şahly mallar 110 müňe ýetdi
Öri meýdanynda ownuk şahly mallaryň sürüsi (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti)

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň maldarçylyk bilen meşgullanýan bäş hojalygynda takmynan 55 müňüsi ene goýun bolan ownuk şahly mallaryň sany 110 müňe golaýlaýar. Mundan başga-da, hojalyklarda 1300-den gowrak gowrak iri şahly mal we 2700-den gowrak düýe idedilýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Gyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde “Serdar”, “Jeýhun”, “Garagum”, “Tallymerjen” we “Köýtendag” hojalyklary 7,5 müň tonnadan gowrak ot-iým taýýarladylar. Gyş üçin taýýarlanan ot-iýmleriň hatarynda 4 müň tonnadan gowrak gaty baldakly, 2 müň tonna golaý meýdan otlary, 1250 tonnadan gowrak saman, takmynan 250 tonna ýorunja we 55 tonna arpa bar.

Gyşa taýýarlyk işleri tomus aýlaryndan başlanyp, maldarlar 309 sany öri meýdan ýataklaryny, 89 sany mal saklanýan agyly we 520 sany guýyny gözden geçirip, abatlaýyş işleri zerur bolan desgalary bejerdiler. Şeýle hem häzirki möwsümde hojalyklara ot-iým daşamak işleri dowam edýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ot-iým taýýarlamak we mallaryň saklanýan ýerlerini gyşa taýýarlamak işleri sowuk möwsüminde mallar üçin zerur şertleri döretmäge hem-de ýazky köpelme möwsümine çenli mallaryň sanyny saklamaga gönükdirilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС