“Täze Aý” kärhanasy şeker we emeli goşundylar ulanylmazdan taýýarlanylan miwe pastilasynyň önümçiligini ýola goýup, azyk önümleriniň görnüşlerini giňeltdi. Täze önüm tebigy düzümi we miweleriň özboluşly tagamynyň saklamagy bilen tapawutlanýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, önümçilikde emeli reňkleýjiler, tagam berijiler, himiki konserwantlar we krahmal ulanylmaýar. Önümiň süýjüligi diňe miweleriň düzümindäki tebigy şekerleriň hasabyna üpjün edilýär.
Pastilany taýýarlamak üçin alma, armyt, banan, apelsin, mandarin we şetdaly ýaly bişen miweler saýlanyp alynýar. Miweler birnäçe tapgyrda arassalanyp, ýuwlandan soň, ýörite enjamyň kömegi bilen birmeňzeş görnüşe getirilýär. Önümçiligiň esasy aýratynlyklarynyň biri 40–55 °C temperaturada guratmak usulydyr. Öndürijiniň bellemegine görä, bu tehnologiýa witaminleriň we mineral maddalaryň ep-esli bölegini saklamaga ýardam edip, bu usul C, A we B toparynyň witaminleriniň, şeýle hem kaliýiň, magniýiň we demriň saklanmagy üçin amatly şertleri döredýär.
Guradylandan soň, pastila degişli ölçegdäki böleklere bölünýär we önümi howanyň hem-de çyglylygyň täsirinden goraýan ýörite gaplara gaplanylýar. Taýýar önümleri gaplamak üçin kärhanada ekologiýa taýdan howpsuz materiallar ulanylýar.
Önüm mekdep okuwçylary, sport bilen meşgullanýanlar, şeýle hem işe ýa-da syýahata ýany bilen alyp gitmek üçin amatly ýeňil iýmit gözleýän adamlar üçin niýetlenendir. Goşmaça şekeriň ýoklugy pastilanyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup, şol bir wagtyň özünde, önümiň düzüminde miwelerden gelýän tebigy şekerleriň bardygyny hem göz öňünde tutmak zerurdyr.
Täze önüm ýurdumyzyň azyk senagatynda tebigy miwelerden taýýarlanylýan süýjülikleriň görnüşlerini giňeltmäge we sarp edijilere goşmaça saýlaw mümkinçiliklerini döretmäge ýardam edýär.











33733-90x604.png)





