Türkmenistan 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherinde geçirilen Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy döwletleriň we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammitine myhman hökmünde gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew ýolbaşçylyk etdi.

Sammitiň dowamynda tebigy gazyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki orny, şeýle hem bu energiýa serişdesiniň dünýä bazarlaryna ygtybarly iberilmegini gazanmak üçin halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan gaz känlerini jogapkärli özleşdirmäge, döwrebap infrastrukturany ösdürmäge, gazy gaýtadan işlemäge, nebitgazhimiýa önümçiligini giňeltmäge we tehnologik innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen syýasaty alyp barýar. Ýurduň uzak möhletleýin energetika strategiýasy önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, eksporty giňeltmäge we energiýa serişdeleriniň iberiliş ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilendir.
Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitiniň jemleri boýunça Moskwa jarnamasy kabul edildi.

















