Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýe Respublikasynyň güni mynasybetli gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýe Respublikasynyň güni mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Ankara şäherindäki Prezident toplumynda duşuşygy, 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabry. (Surat: Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýändigini we bu gatnaşyklaryň iki döwletiň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkiýäniň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkiýede Respublika güni 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda ýurduň Beýik Millet Mejlisiniň respublikany yglan etmegi mynasybetli her ýylyň 29-njy oktýabrynda bellenilýär. Baýram 1925-nji ýylda degişli kanun kabul edilenden soň her ýyl bellenilip başlanyp, şu ýyl ýurtda respublikanyň yglan edilmeginiň 103 ýyllygy bellenilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022