Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkiýede “Strategik dostluk nyşany" gowşuryldy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkiýede “Strategik dostluk nyşany" gowşuryldy
Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we DEİK-iň başlygy Nail Olpak Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa "Strategik dostluk nyşanyny" gowşurýarlar, 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabry, Ankara, Türkiýe. (Surat: Jewdet Ýylmazyň X sahypasy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEİK) tarapyndan “Strategik dostluk” medaly gowşuryldy. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň resmi X sahypasynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentine nyşany gowşurmak dabarasy 30-njy oktýabrda Ankarada Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XIII sammitiniň çäklerinde geçirildi. Wise-prezident Serdar Berdimuhamedowy abraýly nyşany bilen tüýs ýürekden gutlady.

Habarda bellenilişi ýaly, Wise-prezident Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňňur doganlyk gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda, söwda we maýa goýumlary babatda, şeýle hem ähli ugurlarda ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Şeýle hem Jewdet Ýylmaz iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşýan işewür toparlaryň wekillerine, aýratyn-da, DEİK-iň başlygy Nail Olpaga minnetdarlyk bildirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС