Eýranyň daşary işler ministri sapar bilen Türkmenistana geldi

BT
Eýranyň daşary işler ministri sapar bilen Türkmenistana geldi
Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi sapar bilen Aşgabada geldi, 2026-njy ýylyň 2-nji noýabry. (Surat: “IRNA”)

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi duşenbe güni diplomatik, ykdysady we parlament wekilleri bilen bilelikde sapar bilen Aşgabada geldi. Ministri Türkmenistanyň resmi wekilleri garşylady diýip, Eýranyň “IRNA” habarlar agentligi habar berýär.

Taraplar bir günlük saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary, sebit we halkara gün tertibindäki meseleleri, şeýle hem Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Abbas Arakçi 26-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, taraplar söhbetdeşligiň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde diplomatik geňeşmeleriň ähmiýetini nygtadylar.

Mundan ozal, 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aşgabatda Eýranyň daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Hamid Ganbari bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem energetika we senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС