Aşgabatda gurluşyk we senagat pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan halkara sergi açyldy

BT
Aşgabatda gurluşyk we senagat pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan halkara sergi açyldy
“Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi” atly CIET 2026 halkara sergisiniň we maslahatynyň diwarlygy, 2026-njy ýylyň 3-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Aşgabat şäherinde 3-nji noýabrda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi” atly CIET 2026 halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady. Üç gün dowam etjek çärä gatnaşmak üçin dünýäniň 60 ýurdundan 800-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy. Bu barada çäräniň bilelikdäki guramaçysy “Turkmen Energy Forum” (TEF) habar berýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýaýbaňlandyrylan sergide dürli enjamlar, tehnologiýalar, gurluşyk materiallary we degişli hyzmatlar görkezilýär. Çäräniň iş maksatnamasy gurluşyk, senagat, energetika we himiýa pudaklarynyň maýa goýum mümkinçiliklerini hem-de ösüş ugurlaryny öz içine alýar.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek, hususy pudagyň infrastruktura we senagat taslamalaryna gatnaşygyny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle-de önümçilik kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, çig maly gaýtadan işlemegiň derejesini ýokarlandyrmak, ulag infrastrukturasyny ösdürmek we gurluşyk pudagyny sanlylaşdyrmak ýaly ugurlara garalar.

CIET 2026 halkara sergisiniň we maslahatynyň esasy guramaçylary bolup Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Energetika ministrligi, Awtomobil ýollary ministrligi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär. “Turkmen Energy Forum” bolsa çäräniň bilelikdäki guramaçysydyr. Maksatnama laýyklykda, türkmen kärhanalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşyklaryny geçirmek we resmi resminamalara gol çekmek dabarasy meýilleşdirilýär.

CIET 2026 halkara sergisi we maslahaty Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän günlerinde geçirilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iberen gutlagynda gurluşyk we senagat pudaklarynyň milli ykdysadyýeti ösdürmekdäki ähmiýetini nygtady. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş we önümçilik maksatly desgalary gurmak, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak hem-de ýerli çig maldan öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak ýaly wezipeleriň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany CIET 2026 sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara iberen aýratyn gutlagynda bu çäräniň ýurduň gurluşyk we senagat kuwwatyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Gutlagda bellenilişi ýaly, sergi we maslahat ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze önümçilikleri döretmäge, hereket edýän kärhanalaryň kuwwatyny artdyrmaga, ýerli hünärmenler bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda tejribe alyşmaga, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmaga we geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berýär.

“Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara sergi we maslahat 5-nji noýabra çenli dowam eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022