ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Samir Pol Kapur Türkmenistana saparynyň dowamynda türkmen işewürleri bilen duşuşyp, söwda we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmegiň ýollaryny maslahatlaşdy. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi metbugat beýanatynda habar berilýär.
Saparynyň dowamynda Kapur Aşgabatdaky Amerikan merkezine hem baryp, türkmen raýatlary üçin tölegsiz hödürlenýän iňlis dili, hünär başarnyklaryny ösdürmek, işewürlik we amerikan medeniýeti bilen tanyşdyrmak boýunça maksatnamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem ol ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi.

Şeýle hem ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparyň ahyrynda Döwlet sekretarynyň kömekçisi ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokinsiň guran kabul edişligine gatnaşdy. Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, iki ýurduň işewür toparlarynyň agzalary, ABŞ-nyň hökümetiniň alyş-çalyş maksatnamalarynyň uçurymlary we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Samir Kapur ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky arasynda diplomatik gatnaşyklaryň soňky ýyllaryň dowamynda has-da giňeldilýändigini belledi.
















