TDHÇMB-nyň sişenbe günündäki söwdalarynda 101,5 million manatlyk geleşikler baglaşyldy

BT
TDHÇMB-nyň sişenbe günündäki söwdalarynda 101,5 million manatlyk geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklardan pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçiren söwdalarynda jemi 101 million 518 müň manada deň bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler eksport etmek şerti bilen “Türkmengallaönümleri" döwlet birleşiginde öndürilen 1-nji hilli bugdaý ununy satyn aldylar. Şeýle hem ýerli işewürler “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden 1-nji hilli arassalanan (rafinirlenen) pagta ýagyny hem-de senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden aýna bankany satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Mundan başga-da, BAE-niň işewürleri 233 200,00 ABŞ dollarlyk dokma önümçiligi üçin ýekegat kardly agardylmadyk nah ýüpligini satyn aldylar.

Sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi 6 geleşik hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022