Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (UNDP) we BMG--niň Taslamalara hyzmat ediş müdirligi (UNOPS) bilen bilelikde gaýtadan dikeldilýän gün energiýasyny ösdürmäge gönükdirilen bäş ýyllyk taslamany durmuşa geçirmek barada ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) resmi sahypasynda habar berilýär.
Taslama Türkmenistanyň uzakdaky ilatly ýerlerinde ygtybarly we ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi giňeltmegi, hususan-da, gün energiýasyndan peýdalanmagy ösdürmegi maksat edinýär Ählumumy ekologiýa gaznasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilýän täze taslamanyň umumy bahasy 4,17 million dollardan gowrakdyr.

Taslamany Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Energetika ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda BMG--niň Taslamalara hyzmat ediş müdirligi (UNOPS) amala aşyrar. Taslamanyň çäklerinde gün energiýasy boýunça amaly çözgütler milli mümkinçilikleri ösdürmek boýunça işler bilen utgaşdyrylar.
Habarda bellenilişi ýaly, taslamanyň durmuşa geçirilmegi energetika ulgamynyň arassa energiýa çeşmelerine geçmegine, energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. Taslamany durmuşa geçirmek boýunça Ylalaşyga Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän COP31 maslahatynyň çäklerinde gol çekildi.















