Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli 5-nji dekabrdan başlap ýurduň ähli welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda baýramçylyk söwdalaryny guramak üçin göçme söwda nokatlary açylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berýär.
Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew söwda toplumynyň baýramçylyk günlerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, baýramçylyk söwdasyny guramak üçin göçme söwda nokatlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda wise-premýer döwlet Baştutanyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow baýramçylygyň öňüsyrasynda bazarlarda göçme söwdany guramagyň möhümdigini belläp, söwda nokatlarynyň dürli görnüşli sowgatlyk önümler bilen üpjünçiligine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meselelere hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.














