“Eşretli Syýahat” kompaniýasy “TRAVELEXPO ANKARA 2026” syýahatçylyk sergisine gatnaşýar

BT
“Eşretli Syýahat” kompaniýasy “TRAVELEXPO ANKARA 2026”  syýahatçylyk sergisine gatnaşýar
“TRAVELEXPO ANKARA 2026” halkara syýahatçylyk sergisinde “Eşretli Syýahat” kompaniýasynyň diwarlygy, 2026-njy ýylyň 19-21-nji noýabry, Ankara, Türkiýe (Surat: “Eşretli Syýahat”)

Türkmenistanyň “Eşretli Syýahat” kompaniýasy Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilýän “TRAVELEXPO ANKARA 2026” halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşýar. Bu barada “Eşretli Syýahat” kompaniýasynyň sosail ulgamdaky sahypasynda habar berilýär.

“Eşretli Syýahat” kompaniýasy bu halkara sergide Türkmenistanyň gözel tebigatyny, baý medeni mirasyny, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny we özboluşly syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Şeýle hem kompaniýanyň wekilleri serginiň çäklerinde işewürlik duşuşyklaryny (B2B) geçirip, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we täze hyzmatdaşlary gazanmak boýunça gepleşikleri alyp bardylar.

“TRAVELEXPO ANKARA 2026” halkara syýahatçylyk sergisi 19–21-nji noýabr aralygynda Ankara şäherindäki “ATO Congresium” sergi merkezinde geçirilýär. “ATİS Fuarcılık A.Ş.” tarapyndan dokuzynjy gezek guralýan bu çäre syýahatçylyk pudagynyň wekillerini bir ýere jemleýär.

Serginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, onuň çäklerinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlary we TÜRKSOY-yň düzümindäki halklary birleşdirýän 3 müň inedördül metr meýdany eýeleýän ýörite “Türk dünýäsi” zolagy hem döredildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС