Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryna garaldy

BT
Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryna garaldy
Brýussel şäherinde geçirilen "Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi" bilelikdäki komitetiniň 25-nji mejlisi, 2026-njy ýylyň 25-nji noýabry (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Brýussel şäherinde çarşenbe güni "Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi" bilelikdäki komitetiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow, Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine bolsa Ýewropa daşary gatnaşyklar gullugynyň dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Lýuk Dewin hem-de bu guramanyň degişli düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşiklerde syýasy dialogy pugtalandyrmak, şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem energetika, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ulag arabaglanyşygy, sanlylaşdyrmak, bilim, ylym we hünärmenleri taýýarlamak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyna ýardam bermek hem-de "Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi" formatyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine hem garaldy.

Mejlisiň çäklerinde taraplar hyzmatdaşlygyň geljekki ädimleriniň ýol kartasyny taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we 2027-nji ýylda "Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi" formatynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy sebit çäreleriniň tertibini ylalaşdylar.

Şeýle hem "Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi" bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisini 2027-nji ýylda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär.

2022