Türkmenistanda 2027-nji ýylyň Döwlet býujeti 138,1 milliard manat möçberinde tassyklanyldy

BT
Türkmenistanda 2027-nji ýylyň Döwlet býujeti 138,1 milliard manat möçberinde tassyklanyldy
Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 138 milliard 68 million 400 müň manat möçberinde tassyklanyldy. Degişli Kanun “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 125 milliard 823 million 700 müň manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesiniň möçberi 24 milliard 255 million 300 müň manat möçberinde kesgitlenildi. Döwlet býujetiniň düzümindäki birinji derejeli býujet bolsa girdejiler we çykdajylar boýunça 36 milliard 500 million manat möçberinde tassyklanyldy.

Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň býujetleriniň deňagramlylygyny üpjün etmek üçin Merkezleşdirilen býujetden 3 milliard 303 million 300 müň manat bölünip berler. Şol serişdeleriň 271 million 300 müň manady Arkadag şäherine, 1 milliard 879 million 300 müň manady Daşoguz welaýatyna, 1 milliard 152 million 700 müň manady bolsa Lebap welaýatyna gönükdiriler.

Şeýle hem Kanunda, ýerli býujetleriň umumy möçberi 15 milliard 548 million manat möçberinde tassyklanyldy. Şol sanda Aşgabat şäheriniň býujeti 2 milliard 743 million 300 müň manada, Arkadag şäheriniň býujeti 323 million 500 müň manada, Ahal welaýatynyň býujeti 1 milliard 894 million 200 müň manada, Balkan welaýatynyň býujeti 1 milliard 664 million 500 müň manada, Daşoguz welaýatynyň býujeti 2 milliard 812 million manada, Lebap welaýatynyň býujeti 3 milliard 128 million manada, Mary welaýatynyň býujeti bolsa 2 milliard 982 million 500 müň manada deň bolar.

Kanuna laýyklykda, Döwlet býujetiniň ilkinji nobatda maliýeleşdirilmeli çykdajylaryna zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary degişli edildi. Býujet ýetmezçiligi ýüze çykan ýagdaýynda, ol Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, döwlet tarapyndan alynýan karz serişdeleriniň we (ýa-da) býujet serişdeleriniň emele gelen galyndylarynyň hasabyna maliýeleşdiriler.

2027-nji ýylda beýleki çeşmelerden Döwlet býujetine gelip gowuşjak goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen möçberi ilkinji nobatda bank karzlary boýunça bergileri üzmäge we döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ugurlary maliýeleşdirmäge sarp ediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022