TDHÇMB-nyň şenbe günündäki söwdalarynda $18,04 millionlyk suwuklandyrylan gaz satyldy

BT
TDHÇMB-nyň şenbe günündäki söwdalarynda $18,04 millionlyk suwuklandyrylan gaz satyldy
Türkmenistanda demir ýol arkaly suwuklandyrylan gaz daşalaýan pursaty

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) şenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri "Türkmengaz" döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça umumy bahasy 18 million 40 müň ABŞ dollaryna deň bolan geleşikleri baglaşdylar. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Mundan başga-da, serbiýaly telekeçiler 130 müň 830 ABŞ dollaryna çig görnüşdäki buýan kökünden alynýan glisirrizin kislotasyny satyn aldylar.

TDHÇMB-niň şenbe güni geçiren söwdalarynda umumy bahasy 18 million 170 müň 830 ABŞ dollaryna deň bolan 14 geleşik hasaba alyndy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny düzgünleşdirýän esasy edaralaryň biridir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022