Jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy

BT
Jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy
Jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim möçberden ybarat.

Şu ýylyň ilkinji bäş aýynyň hasabatynda milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgini durnuklylygyny saklady. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim möçberden ybarat. Bu barada resmi metbugatda habar berildi.

Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen 2018-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,1 göterim ýokarlandy, şeýle hem ýerli önümleriň eksporty 14 göterim artdy we önümleriň importy 20 göterim azaldy.

Şu ýylyň ýanwar – maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 7,53 milliard manada we çykdajy bölegi 7,49 milliard manada deň boldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim ýokarlandy.

2022