TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy
Daşary ýurtly telekeçiler Gyýanlynyň polimer zawodynyň önümi bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Gazagystandan, Özbegistandan we Owganystandan gelen telekeçiler Gyýanlynyň polimer zawodynyň önümi bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar: Russiýa, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan we Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 329 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Ermenistandan gelen telekeçiler 3 million 724 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.