11-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň konferensiýa zalynda “SAP SE” nemes kompaniýasynyň programma üpjünçilik önümleriniň tanyşdyrylyşy, sanly tehnologiýalary we elektron resminama dolanşygyny ulanyşa girizmek boýunça işewürlik duşuşyklary geçiriler.
Bu çäre Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Türkmen-Tranzit” HJ tarapyndan Söwda-senagat edarasynyň goldamagynda döwlet düzümleriniň we hususy işewürligiň wekilleri üçin gurnaldy.
Tanyşdyrylyşa we maslahata IT önümleriniň ygtybarly öndürijisi we sanly ykdysadyýetiň hem-de elektron resminama dolanşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde ägirt uly tejribesi bolan “SAP SE” kompaniýasynyň bilermenleri gatnaşarlar.
“SAP SE” kompaniýasy edaralar üçin programma üpjünçiligi boýunça öňdebaryjy kompaniýa bolup, ol dürli pudaklarda iş alyp barýan ähli göwrümdäki kärhanalara öz işlerini netijeli dolandyrmaga ýardam berýär. Dünýä boýunça maliýe geçirimlerinden gelýän girdejileriň 77%-i SAP bilen ilteşýär.