Ýüpekçiler 2 müň 262 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar

BT
Ýüpekçiler 2 müň 262 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar
Ussat ýüpekçiler döwletimize dokma senagaty üçin gymmatly ýokary hilli çig malyň 2 müň 262 tonnasyndan gowragyny tabşyrdylar.

Türkmenistanyň ýüpekçileri ýüpek gurçugynyň pilesini taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ussat ýüpekçiler döwletimize dokma senagaty üçin gymmatly ýokary hilli çig malyň 2 müň 262 tonnasyndan gowragyny tabşyrdylar. Şeýlelikde, meýilnama 111,5 göterim berjaý edildi.

Şu ýyl piläniň satyn alnyş nyrhy ep-esli ýokarlandyryldy. Bu ýagdaý, daýhanlaryň oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleriniň mukdarlaryny mundan beýläk-de artdyrmaga uly höweslendirme döredýär.

Sebitlerde tut ýetişdirilýän meýdanlaryň giňeldilmegi ýerlerde ekologiýa ýagdaýyna oňaýly täsir edýär. Çünki tut agajy diňe uzak ýaşaýandygy bilen tapawutlanman, ekerançylyk meýdanlarynyň gyralarynda ekilmegi oba hojalyk ekinlerini ýelden goraýar we suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkidýär.

Türkmenistanda ýüpek önümçiligi tut agaçlarynyň ösdürilip ýetişdirilmegi bilen başlanýar. Agaçlar ýetişenden soň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenýüpek” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti daýhanlara gurçuk tohumyny paýlaýar. Bu tohumlar tut ýapraklarynda kölegede saklanýar. Tohumlardan ýüpek gurçuklary çykyp, pile öndürýänçäler tut ýapraklaryny iýýärler. Soňra bu pileler gaýnadylyp, ýüpek mata öndürilýär.   

Häzirki döwürde Aşgabadyň ýüpek kelepleýji fabrigi, Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi, Ruhabadyň panbarhat öndürýän fabrigi türkmen pilesiniň iň esasy alyjylarydyr.

2022