Genafondy saklamak dogrusynda tejribe alşyldy

BT
Genafondy saklamak dogrusynda tejribe alşyldy
Mary welaýatynyň tohumçylyk hojalyklarynda gara we çal reňkli garaköli goýunlaryň saýlantgy sürülerini döretmekde toplanylan tejribeler bilen tanyşdyryldy.

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde “Mallarda ýaş mallary seçmek möwsümini guramaçylykly geçirmek we ýaş mallary ösdürip ýetişdirmekde tohumçylyk-seçgi işleriniň ähmiýeti” atly okuw maslahaty geçirildi.

Üç günläp dowam eden okuw maslahaty Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Mallaryň we guşlaryň tohumçylyk döwlet gullugy tarapyndan gurnaldy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň maldarçylyk hojalyklarynyň hünärmenleri, okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary maslahata gatnaşdylar. Çykyşlarda ýaş mallaryň ene mallardan seçilýän döwründe tohumçylyk-seçgi işlerini talabalaýyk geçirmegiň aýratynlyklary, şeýle hem, tohumçylygy gowulandyrmak, genofonduny saklamak, gadymy çarwaçylyk usullaryny ylmyň gazananlary bilen utgaşdyryp alyp barmak dogrusynda durlup geçildi.

Hünärmenler Mary welaýatynyň tohumçylyk hojalyklarynda gara we çal reňkli garaköli goýunlaryň saýlantgy sürülerini döretmekde toplanylan tejribeler bilen tanyşdyryldy. Maslahatynyň soňky güni Ýolöten etrabynyň öňdebaryjy “Garaköl” tohumçylyk-maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlarynda owlak-guzy möwsüminde dowarlardan sagdyn guzulary almak boýunça tejribe alşyldy.

2022