Türkmen Lideri Gazagystan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

BT
Türkmen Lideri Gazagystan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Saýlawlarda sesleriň 70,76 göterimini alyp Prezidentlige saýlanan Kasym-Žomart Tokaýew, 12-nji iýunda wezipesini ýerine ýetirmeklige girişdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz öz kärdeşini Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin öz minnetdarlygyny bildirip, Gazagystanyň Türkmenistan bilen dostluk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda, ulag-aragatnaşyk toplumynda, nebitgaz senagatynda, oba hojalygynda hem-de beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem giňeltmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

10-njy iýunda geçirilen saýlawlarda sesleriň 70,76 göterimini alyp Prezidentlige saýlanan Kasym-Žomart Tokaýew, 12-nji iýunda wezipesini ýerine ýetirmeklige girişdi.

2022