Piläniň täze hasyly işlenmäge başlandy

Piläniň täze hasyly işlenmäge başlandy
Türkmenabat şäheriniň ýüpek önümçilik birleşiginde ýüpegiň köp görnüşleri öndürilýär.

Ýokary hilli ýüpek sapakly piläniň ilkinji tonnalary Türkmenabat şäheriniň ýüpek önümçilik birleşiginde işlenmäge başlady. Çig mal kompleksiň döwrebäp enjamlarynda ozalkysyndan has ir işlenmäge girizildi.

Bu ýagdaý piläniň mukdarynyň artyk öndürilendigi bilen baglanyşyklydyr. Şu ýyl Lebap welaýatynyň ýüpekçileriniň agzalýan çig malyň önümçiligindäki görkezijisi rekord derejä ýetdi. Şertnamalaýyn borçnamada 960 tonna bolan ýokary hilli piläniň mukdary 1242 tonna tabşyrylyp, bu görkeziji milli dokma senagaty üçin jemi kabul edilen mukdaryň ýarysyna deň boldy.

Önümçilik birleşiginde ýüpegiň köp görnüşleri öndürilýär. Türkmenabat fabriginiň tebigy ýüpekden taýýarlaýan önümleri Bolgariýanyň Plowdiw şäherinde geçirilen halkara ýarmarkasynda altyn medala mynasyp bolupdy. Ýüpek sapagy we işlenen piläniň galyndylary Hytaý, Russiýa we beýleki ýurtlara eksport edilýär.

“Türkmenistan: Altyn asyr”

2022