13-nji iýunda Türkmenistanyň hususy kompaniýalarynyň wekilleri Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) tarapyndan Ýewropa Bileleşigi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde gurnalan alkogolsyz içgileri öndüriji ýerli telekeçiler üçin seminara gatnaşdylar.
Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen seminar ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen 20-den gowrak alkogolsyz içgileriň öňdebaryjy öndürijilerini hem-de türkmen telekeçilerine maslahat bermek babatda ÝTÖB taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine öňden bäri gatnaşyp gelýän ýerli maslahatçylary bir ýere jemledi.
Halkara bilermenler Jorj Konstantin we Oleg Solomisi seminara gatnaşyjylary alkogolsyz içgileri öndürmek hem-de satmak boýunça soňky tilsimler we öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyrdylar. Bilermenler bazarda öňdebaryjy orunlary eýelemegiň we bu önümçilik işiniň netijeliligini artdyrmagyň syrlary barada gürrüň berdiler. Gyzyklanma bildiren kompaniýalar bilermenlerden aýratynlykda maslahat almaga hem mümkinçilik tapdylar.
Türkmenistanda işe başlan gününden bäri ÝTÖB ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda 70 sany taslama maýa goýdy, şeýle hem 200-den gowrak hususy kompaniýalara işewürlik maslahatlaryny almaga şert döretdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi