Ýaşlar üçin oňaýly iş şertleri dörediler

Ýaşlar üçin oňaýly iş şertleri dörediler
Iň kämil maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iş orunlarynyň sanyny artdyrmak maksat edinilýär.

Ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi.

Bu maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça hünärmenlere bolan zerurlyklary öwrenmek we ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmek, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, oba ýerlerinde ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan höwesini artdyrmak üçin çäreleri işläp düzmek, ýaş hünärmenler üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem iň kämil maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iş orunlarynyň sanyny artdyrmak maksat edinilýär. Şeýlelik-de, bu maksatnamanyň ýerine ýetirilmegi ýaşlaryň işe ýerleşmegini üpjün etmäge, zähmet bazarynda olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga ýardam eder.

“Türkmenistan: Altyn asyr”

2022