Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-niň 133 million dollaryna barabar boldy

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-niň 133 million dollaryna barabar boldy
Gyýanlynyň polimer zawody

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-den, Singapurdan, BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürt, Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzly polietilen we polipropilen, karbamid we tehniki uglerody (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni), şeýle hem plastiki gaplary Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-de, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçileriň isleg bildiren harytlary boldy.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz aýna, nah ýüplügi, gury ekstrat, buýan köki we kök baldagy ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar Russiýa, ABŞ, BEA, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 132 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, gelen işewürler jemi bahasy 4 million 173 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük we biz satyn aldylar.

2022