«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguz welaýatyndaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasy bäş aýlyk meýilnamany önümçiligiň ähli görnüşleri boýunça ýokary netijeler bilen jemledi. Ýylyň bäş aýynda bu ýerde 3 million 470 müň manatlyga golaý önüm öndürildi.
Iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bu kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy dünýä derejesine laýyk gelýän lukmançylyk işinde zerur hasaplanýan sargy we arassaçylyk serişdeleriniň ýylda 13 million gaplamasyny öndürmäge barabardyr.
Häzirki wagtda bu ýerde lukmançylykda giňden ulanylýan dürli möçberdäki önümleriň 12 görnüşi öndürilýär. Kärhananyň önümçilik bölümleriniň dördüsinde – agartma, gipsleme, dokma, sargy serişdelerini öndürýän bölümlerde ýokary hilli serişdeler taýýarlanýar. Munuň üçin çig mal hökmünde, esasan, ýerli pagtamyz ulanylýar.
Hil barlag bölüminde barlaghana bildirilýän häzirki zaman talaplaryna gabat gelýän enjamlaryň dürli görnüşleri oturdylyp, kärhananyň önümçiliginde ulanylýan ähli çig mallaryň, taýýarlanan önümleriň hili we mukdary doly derejede barlagdan geçirilýär.