2019-njy ýyl çölleşmäge garşy göreşmek baradaky Konwensiýasy we onuň bilen baglanyşykly ekologiki sene üçin tegelek ýyldyr. Çölleşmegiň öňüni almak hakyndaky halkara resminama 1994-nji ýylyň 17-nji iýunynda kabul edildi hem-de suwarylýan meýdanlaryň hasyllygyny saklamak ugrunda global hereketiň başlamagyna 25 ýyl dolýar.
Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty (ÇÖHDMI) çölleri öwrenmek we özleşdirmek boýunça Merkezi Aziýa sebitinde öňdebaryjy bolup durýar. Institutda ýurdumyzyň tebigaty goramak boýunça başlangyçlarynyň goldawy bilen halkara ekologiýa hyzmatdaşlygy giňeltmekde ylmy-amaly işleri alyp barýar.
Institutyň alyp barýan esasy işlerine biodürlüligiň we daşky gurşawyň ýagdaýynyň gözegçiligi, döwlet tebigy goraghanalarynyň işiniň ylmy esaslaryny işläp düzmeklik degişlidir. Ýarym asyrdan gowrak wagt bäri ÇÖHDMI-niň “Çölleri özleşdirmegiň meseleleri” halkara ylmy-amaly žurnaly çap edilýär, bu žurnalyň döredijilik düzümi Ýewraziýa ýurtlarynyň çöli öwrenýän alymlaryndan, geograflardan, biologlardan, geologlardan we geobotaniklerden ybarat bolup, olar awtor hökmünde çykyş edýärler.
Türkmenistan goňşy döwleteriň arasynda emeli tokaý zolaklarynyň sany, ýangyn howpy döwründe olary goramak boýunça alnyp barylýan çäreleriň möçberi, dag eteklerinde garyşyk arça we pürli tokaýlyklary döretmek hem-de eldar arçasy ekilen meýdanlaryň sany boýunça öňdebaryjydyr. Emeli tokaýlar – bu biodürlüligi saklamak üçin adamyň tebigata berip biljek iň adaty we täsirli kömegidir. Soňky maglumatlara görä, ýurdumyzda emeli tokaý zolaklary 105 müň gektar ýeri tutýar.
Alnyp barylýan işleriň möhüm ugrunyň ýene biri “Altyn asyr” Türkmen kölüniň kollektor ulgamynyň çäginde döreýän ekoulgamyny öwrenmek bolup durýar. Beýle suw ulgamy deňsiz-taýsyzdyr we bu gidrotehniki desga ýurdumyz we Merkezi Aziýa üçin uly ähmiýet eýedir. Bilermenlere görä, suw serişdelerini aýawly saklamagyň hem-de hojalyk üçin çölden täze ýer böleginiň döredilmeginiň oňat mysalydyr. Ýurduň bu sebitdäki diňe bir durmuş-ykdysady kuwwaty bolmak bilen çäklenmän, bu ýerde ekoturizm ulgamyny ösdürmäge hem mümkinçiligi bar.