Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) treýding düzümi bolan “Turkmen Petroleum” kompaniýasy 2019-njy ýylda dizel ýangyjynyň ukrain bazaryna iberilmeginiň 40 göterim artyp, 250-260 müň tonna ýetmegine garaşýar. Bu barada Odessada geçirilýän "Black Sea Petroleum Trading 2019" forumynda kompaniýanyň iş dolandyryjysy Çaryguly Ýowşanow belledi, diýip “TurkmenPortal” “enkorr” saýtyna salgylanyp habar berýär.
Forumyň tematikasy nebit önümleriniň deňiz arkaly iberilmegi bilen bagly meseleleri: bazarlaryň ýörelgelerini, portlaryň, ýükleýiş toplumlarynyň we hyzmat kompaniýalarynyň iş ugurlaryny, kanunçylyklaryny öz içine alýar.
Hazar deňzinde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ýük daşamak kuwwaty dizel ýangyjyny we nebit önümleriniň beýleki görnüşlerini ýylyň dowamynda ýüklemäge mümkinçilik berýär. Ykdysady nukdaýnazardan, Wologodsk gämiçilik kanaly boýunça Ukraina ibermek has amatlydyr.
Türkmenistan ýangyjyň hiliniň we kükürtiň saklanmagy boýunça görkezijileriň laýyklygyny Ýewro-5 standartynyň derejesinde kepillendirýär.
2018-nji ýylda Türkmenistandan Ukraina iberilýän dizel ýangyjy 187 müň tonna deň boldy diýip, neşir belleýär.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, TNGIZT-de 2019-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda 769,1 müň tonna dizel ýangyjy öndürildi. Şu ýyl zawodda dizel ýangyjynyň 1 million 991 müň tonnadan gowragyny öndürmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň nebit önümleriniň eksportynyň göwrümi 2019-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 668,4 müň tonna barabar boldy.