“Aşgabat – siti” 107 müň ýaşaýja niýetlenýär

“Aşgabat – siti” 107 müň ýaşaýja niýetlenýär
Dürli belentlikdäki – 12 gatdan 35 gata çenli diňe ýaşaýyş jaýlarynyň 180 sanysyny gurmak maksat edinilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji iýunda Aşgabat şäher häkimliginde paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde guruljak täze iri möçberli toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.

200 binadan gowrak bolan ägirt uly toplumy gurmaga bölünip berlen umumy meýdan 744 gektara barabardyr. Dürli belentlikdäki – 12 gatdan 35 gata çenli diňe ýaşaýyş jaýlarynyň 180 sanysyny gurmak maksat edinilýär. Şolardaky öýleriň sany 17 müň 836 bolar. Umuman, tutuş etrap 107 müňden gowrak ilata niýetlenendir.

Ýakyn ýyllarda Aşgabadyň demirgazygynda peýda boljak täze şäheriň ähli binalaryň we desgalaryň binagärlik taslamalary Aşgabat şäher häkimligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary hem-de talyplary tarapyndan taýýarlanyldy.

“Aşgabat – siti” adyna eýe bolan täze şäheriň hödürlenen taslamasynda etrap häkimliginiň we beýleki döwlet edaralarynyň binalarynyň, 3 müň orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň dördüsiniň we körpeleriň 1200-ni kabul etmäge niýetlenen çagalar baglarynyň dördüsiniň, şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň binalarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Durmuş düzümli desgalaryň hatarynda köpugurly hassahana, saglyk öýleriniň ikisi, söwda-dynç alyş merkezleriniň ikisi, dükanlar we garbanyşhanalar, stadion hem-de sport toplumy, “Toý mekany” dabaralar merkezi, köpgatly awtoduralgalaryň dördüsi bar. Bu ýerde “Türkmenbaşy” we “Halkbank” döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalary şäheriň ilatyna hyzmat eder.

Ýaşaýyş jaýlarynyň toplumy sekiz görnüşini öz içine alýar: her birinde 150 öý boljak 15 gatly binalaryň ikisi, her biri 54 öýli 12 – 15 gatly binalaryň 42-si, her biri 40 öýli 20 gatly binalaryň 12-si, 88 öýli 21 – 23 gatly jaýlaryň 56-sy hem-de her birinde 88 öý boljak şeýle gatly binalaryň 36-sy, daşky keşbi bilen tapawutlanýan, her birinde 75 öý ýerleşjek 25 gatly jaýlaryň 16-sy, 140 öýli 35 gatly binalaryň 4-si hem-de her birinde 136 öý ýerleşjek 33 – 35 gatly binalaryň 12-si bolar. Daşky keşbi boýunça jaýlaryň ählisi umumy çözgüde eýedir we öň tarapynyň bezegi, sazlaşygy bilen biri-birinden tapawutlanýar.