Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod Türkmenistanda açylýar

BT
Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod Türkmenistanda açylýar
Zawodyň taslama kuwwaty Euro-5 standartyna laýyk gelýän A-92 (RON-92) kysymly benziniň 600 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Öňümizdäki anna güni açylmagyna garaşylýan Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawod Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňelder. Tebigy gazdan sintetiki awtomobil ýangyjyny öndürmekde dünýäde ilkinji uly möçberli taslama bolan bu zawod ýyllyk 1 milliard 785 million kub metr gazy gaýtadan işlär.

Zawodyň taslama kuwwaty Euro-5 standartyna laýyk gelýän A-92 (RON-92) kysymly benziniň 600 müň tonnasyny, arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny we suwuklandyrylan uglewodorod gazyň 115 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

“Türkmengaz” döwlet konserni hem-de “Kawasaki Heavy Industries” (Ýaponiýa) we “Rönesans Holding” (Türkiýe) kompaniýalary tarapyndan bilelikde gurlan bu zawodyň düýbi 2014-nji ýylyň awgust aýynda tutuldy.

Bu taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna golaý bolup, ony maliýeleşdirmäge Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy banky (JBIC) gatnaşýar. Zawod 800-e golaý täze iş orunlaryny döreder.

“Topsea tarapyndan düzülen sintetiki benzin” tehnologiýasy

Ahal welaýatynda açyljak täze kärhanada dünýä tejribesinde ilkinji gezek senagat möçberinde “GTG-Gas to gasoline” (Gazdan benzine) taslamasy amala aşyrylar. Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan TIGAS tehnologiýasyna esaslanýan bu taslama katalizatorlar bilen utgaşyklykda ýokary hilli benzini öndürmäge mümkinçilik berer.

“Haldor Topsoe” kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, TIGAS tehnologiýasy esasynda gaýtadan işlenen tebigy gazdan çykýan önümiň 85%-den gowragy benzin, 11-13%-i bolsa suwuklandyrylan uglewodorod gazy bolup durýar. Gaýtadan işlemek prosesi tamamlanyndan soňra dizel ýangyjy galýar. Ýagny, täze zawodda öndüriljek 600 müň tonna benzin umumy önümçiligiň 85%-den gowragyna barabar bolar.

Euro-5 standarty

Awtomobilleriň çykarýan tüssesiniň howa ýetirýän täsiri barada aladalanan Ýewropa Bileleşigi 1993-nji ýylda bu ugurda Euro-1 standartyny girizdi.

Euro-2, Euro-3 we Euro-4 standartlaryndan soňra 2009-njy ýylyň sentýabr aýyndan awtomobillerde Euro-5 standarty talap edilip başlandy.

Euro-5 standarty awtomobilleriň howa goýberýän zyýanly maddalaryny, şeýle hem ozon gatlagyna zyýan ýetirjek gazlary azaltmaga niýetlenen we olary ölçeýän ulgam hökmünde işlenilip taýýarlanyldy.

Euro-5 standarty kabul edilen şäherde bir awtomobiliň bölüp çykarýan zyýanly maddalary bu standartyň goýan çäginden geçýän bolsa, şol ulagyň hereketi gadagan edilýär. Şeýle hem ulag hasaba alynmaýar.

Euro-5 standartyna laýyklykda ýeňil awtoulaglaryň bir kilometriň dowamynda çykaran tüssesisiniň düzümindäki zyýanly madda mukdary 5 milligramdan, uglerodyň oksidi 0,5-1 gramdan, azodyň oksidi 0,06-0,18 gramdan köp bolmaly däl.

ÝB tarapyndan şeýle standartlaryň getirilmegi netijesinde kärhanalar awtomobil motorlaryny has kämilleşdirmäge başladylar. Ýangyç öndürijiler bolsa şeýle awtomobillerde ulanylmaga niýetlenen benzindir dizelleri öndürmäge girişdiler.

Täze açyljak zawodyň Euro-5 standartyna laýyk gelýän benzin öndürmegi bu standarty kabul eden ýurtlara eksport mümkinçiligini döreder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022