Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çägindäki “Çalja” meýdançasynda “Himiýa senagat” hojalyk jemgyýetiniň buýurmagy esasynda 26-njy iýunda täze ýod zawody gurlup ulanmaga berildi.
“Çalja” diýlip atlandyrylýan bu meýdança – ýerasty ýodly-bromly suwuň baý gorlaryny özünde jemleýär. Gurluşyk işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Aýyt” hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylan bu döwrebap kärhanada ýyllyk tehniki ýoduň 150 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik bar.
Bu ýerde ilkinji gazuw işleri tamamlanan guýynyň çuňlugy 600 metr bolup, onuň ýodly-bromly suwunyň takyklanan gorlary täze gurlan kärhananyň tehniki ýod öndürmek boýunça ýyllyk kuwwatyny üpjün etjekdigine güwä geçýär. Russiýadan we Türkiýeden getirilen kämil enjamlar oturdylan önümçilik kärhanasynda 60-a golaý täze iş orny döredi.
“Himiýa senagat” hojalyk jemgyýeti ýakyn geljekde bu ýatakda täze ýod zawodynyň ýene birini gurup, işe girizmegi maksat edinýär. Ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan türkmen tehniki ýody senagat pudaklarynda reňkli metal, sintetik kauçuk, reňk, lak, kombinirlenen iým, däri-derman, çakdanaşa arassa metal taýýarlananda zerur bolup durýan himiýa önümidir.
Balkan welaýatynyň çäklerinde ýakyn ýyllarda ýod-brom suwlaryny gaýtadan işläp, ýod we brom hem-de olardan alynýan önümleri öndürýän kärhanalaryň kuwwatlylygyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Şonuň netijesinde, geljek ýedi ýylyň içinde ýurdumyzda tehniki ýoduň öndürilişi 2,3 esse artar, 2024-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ençeme pudaklarynda giňden ulanylýan bu önümiň daşary ýurtlara iberilýän möçberi 1 müň tonnadan hem geçer.