Brifingde eksport mümkinçilikleri barada gürrüň edildi

BT
Brifingde eksport mümkinçilikleri barada gürrüň edildi
AGBÖZ-iň halkara nebitgaz pudagyna nusga boljakdygy beýan edildi.

28-nji iýunda günüň ikinji ýarymynda “Mizan” işewürlik merkezinde Ahaldaky gazdan benzin öndürýan zawodyň (AGBÖZ) açylyş dabarasyna bagyşlanan brifing geçirildi. Birifingde çykyş edenler zawodyň önümçilik mümkinçilikleri we eksport ugurlary barada belläp geçdiler. Şeýle hem AGBÖZ-iň halkara nebitgaz pudagyna nusga boljakdygyny beýan etdiler.

Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew çykyş etdi. Türkmenistanyň bütindünýä nebitgaz pudagyndaky orny barada maglumat beren geňeşçi täze açylan zawodyň mümkinçilikleri barada aýdyp berdi. Ý.Kakaýew AGBÖZ-de işlejek hünärmenleriň Daniýada we Ýaponiýada ýörite okuwdan geçendiklerini belläp, sözi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Orazmyrat Gurbannazarowa geçirdi.

Awgust aýynyň 12-ne “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy barada çykyş eden O.Gurbannazarow brifinge gatnaşyjylary foruma gatnaşmagyň tertibi bilen tanyşdyrdy.

Eksport merkezli täze taslamalar

Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew eden çykyşynda Türkmenistanyň energetika ulgamynda tebigy gazyň ähmiýetine ünsi çekdi. Eksport merkezli taslamalaryň üstünde işleýändiklerini beýan eden M.Arçaýew täze tehnologiýa bilen gurulmagy meýilleşdirilýän gazhimiýa zawodlary barada maglumat berdi.

Brifingiň dowamynda “Kawasaki Heavy Industry LTD” kompaniýasynyň prezidenti Tatsuýa Watanabe AGBÖZ-iň önümçilik kuwwaty bilen baglanyşykly çykyş etdi. “Rönesans Holding” kompaniýasynyň prezidenti Erman Ylyjak bolsa zawodyň gurluşygy bilen bagly Türkmenistanyň Prezidentiniň goýan wezipesini doly ýerine ýetirendiklerini aýtdy.

2022