Daşoguzda döwrebap şäherçäniň düýbi tutuldy

Daşoguzda döwrebap şäherçäniň düýbi tutuldy
Döwrebap ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyny 2024-nji ýylda doly tamamlamak göz öňünde tutulýar.

28-nji iýunda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Iki tapgyrda guruljak geljekki şäherçäniň çäginde has oňaýly, 1 müň 496 hojalyga niýetlenen 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 70-si bina ediler. Şolardaky öýler amatlylyk babatda ýokary talaplara doly laýyk geler. Şäherçede döwrebap saglyk merkezi, 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep, durmuş hyzmaty öýi gurlar.

Täze desgalara ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylar we bagy-bossanlyga öwrüler. Bu ýerde medeni-köpçülikleýin we jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin meýdançany hem-de awtoulaglar üçin niýetlenen duralgany, yşyklandyryş ulgamyny gurmak meýilleşdirilýär.

Döwrebap ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyny 2024-nji ýylda doly tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Daşoguz şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda saglygy goraýyş ulgamyna degişli döwrebap desgalaryň ikisiniň – 400 orunlyk köpugurly hem-de 150 orunlyk Onkologiýa hassahanalarynyň düýbi tutuldy. Täze desgalar döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler hem-de ýokary dünýä ölçeglerine laýyklykda ilata bejeriş-keselleriň öňüni alyş we keselleri anyklamak hyzmatlarynyň köp görnüşlerini hödürlär.

Şol sanda köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsiniň açylyş dabarasy boldy. Olarda maşgalalaryň 72-si jaý toýlaryny tutdular. 16 we 14 öýli jaýlaryň ikisini “Atalyk gurluşyk” hususy kärhanasy, 32 öýli bir jaýy bolsa “Daş ussat” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.

Döwrebap enjamlaşdyrylan aşhanasy bolan we beýleki amatlyklary özünde jemleýän 3 – 4 otagly öýler ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaga mümkinçilik berýär. 4 otagly öýüň umumy meýdany 200 inedördül metrden, 3 otagly öýüň umumy meýdany bolsa 170 inedördül metrden hem geçýär, şolaryň beýikligi 3 metrden gowrakdyr.

2022