Ýokary okuw mekdeplerine täze ýolbaşçylar bellendi

Ýokary okuw mekdeplerine täze ýolbaşçylar bellendi
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Aýjemal Meňliýewna Orazalyýewa pensiýa gitmegi sebäpli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadylyp, şol uniwersitetiň rektory wezipesine Nargözel Altyýewna Myratnazarowa bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen Annamyrat Saparmuhammedow pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory wezipesinden boşadylyp, şol wezipä Amanmyrat Durdymyradowiç Aýdogdyýew bellenildi.

Şeýle hem Allaberdi Orazmämmedowiç Saparow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory wezipesine bellendi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022