Inkubatordan 100 müň jüýje alyndy

Inkubatordan 100 müň jüýje alyndy
Daýhan hojalygy iýul aýynyň dowamynda inkubatorlardan 500 müň jüýje almagy meýilleşdirýär.

Bereket etrabynda hereket edýän “Nurly meýdan” daýhan hojalygy 4-nji iýulda inkubatordan 100 müň jüýje almagy başardy.

Şeýlelikde, Türkmenistanda ilkinji gezek towuk etini we ýumurtgany senagat derejesinde öndürmegiň taslamasy ýola goýuldy. Önümçilikde Belgiýanyň “Peterstime” kompaniýasynyň we “ROXELL” firmasynyň tehnologiýalary ulanyldy. “Peterstime” kompaniýasynyň patentli inkubator tehnologiýasy emeli enelik döwrüni birnäçe bölüme bölüp, ýagtylyk, çyglylyk, howanyň dykyzlygy ýaly görkezijileri ýumurtganyň häsiýetine görä özi sazlaýar.

“Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň çykaran ilkinji jüýjeleri hil taýdan tutuş dünýäde tassyklanan “ROSS 308” et görnüşine gabat gelýär. Bu daýhan hojalygy iýul aýynyň dowamynda inkubatorlardan 500 müň jüýje almagy meýilleşdirýär. Şol bir wagtda beýleki towuk ýetişdirijilerinden hem sargytlar alnar. Inkubator jüýje fermasynyň ýyllyk kuwwaty 14 million jüýje çykarmaga, şeýle hem 20 million ýumurtga öndürmäge niýetlenen.

“Nurly meýdan” ilki bilen içerki bazary towuk eti, bir günlük jüýje we ýumurtga bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda Owganystan, Özbegistan we Hytaý ýaly ýurtlar hem daýhan hojalygynyň önümlerine gyzyklanma bildirýär.

2019-njy ýylyň başyna “SGS” (Şweýsariýa) halkara sertifikasion edarasynyň geçiren auditlarynyň netijesi boýunça “Nurly meýdan” DH azyk önümleriniň howpsuzlyk we hil dolandyryş ulgamy boýunça iki sany halkara standartlara: ISO 22000 we ISO 9001 laýyk diýip ykrar edildi.

2022