2019-njy ýylyň ýanwar-maý aralygynda Türkiýäniň karbamid importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 12% pese düşdi.
Muňa garamazdan, Eýrandan Türkiýä eksport edilen karbamidiň möçberi geçen ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende 197 müň tonnadan 465 müň tonna çenli artdy, Türkmenistandan eksport edilen karbamidiň möçberi bolsa 24 müň tonnadan 105 müň tonna ýokarlandy.
2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda öndürilen karbamid Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üstünden geçýän Baku-Tbilisi-Kars (BTK) demir ýolunyň üsti bilen Türkiýä ugradyldy.
Türkmen karbamidine dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Ýurdumyzda bu dökün birnäçe iri kärhanalarda öndürilýär. Şeýle hem geçen ýylyň sentýabr aýynda Hazar deňziniň kenarynda ýyllyk önümçilik kuwwaty 1 million 155 müň tonna bolan Garabogaz karbamid zawody işe girizildi.