Azerbaýjanda türkmen syýahatçylarynyň sany 85% ýokarlandy

Azerbaýjanda türkmen syýahatçylarynyň sany 85% ýokarlandy
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 6.5 göterim ýokarlanan daşary ýurtly syýahatçy sany 1.4 milliona boldy.

Ýanwar-iýul aýlarynda Azerbaýjana syýahat eden türkmenistanlylaryň sany 85 göterim ýokarlanyp, 21 müňe ýetdi. Bu barada Azerbaýjan Döwlet Syýahatçylyk Agentligi üstümizdäki ýylda ýurda syýahat eden daşary ýurtlularyň sany hakyndaky beýanatynda aýdylýar.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 6,5 göterim ýokarlanan daşary ýurtly syýahatçy sany 1,4 million boldy. Olaryň ýarysyndan köp bölegi Russiýa Federasiýasyndan we Gruziýadan bardylar. Has takygy, russiýaly syýahatçylaryň sany 414 müňe, gruziýaly syýahatçylaryň sany bolsa 342,8 müňe çenli ýokarlandy.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Azerbaýjana syýahat edenleriň sany 38 göterim artdy. 41 müňi Türkmenistan we Gazagystana degişli bolan merkezi aziýaly syýahatçylaryň umumy sany 54,100-e ýetdi.