Aşgabatda geçiriljek 24-nji OGT maslahatyna üç aý galdy

BT
Aşgabatda geçiriljek 24-nji OGT maslahatyna üç aý galdy
Türkmenistanyň döwlet guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri, öňdebaryjy halkara kompaniýalar we iri halkara maliýe institutlar bu maslahata yzygiderli gatnaşdylar.

“Türkmennebit” döwlet konserni bilen halkara we milli sergileri, maslahatlary we okuw-maslahatlary gurnamakda öňdebaryjy orny eýeleýän "Türkmen Forum" kompaniýasynyň bilelikde guraýan 24-nji “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT) Halkara sergi-maslahaty ýene üç aýdan Aşgabat şäherinde geçiriler.

OGT her ýyl geçirilýän iş maslahaty bolup, onuň maksady Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy artdyrmakdan ybaratdyr. Forum öňdebaryjy halkara kompaniýalaryna nebithimiýa taslamalary boýunça tejribe alyşmak üçin meýdança bolar. Bu ýyl maslahat 22-23-nji oktýabrda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynda geçiriler.

Türkmenistanyň döwlet guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri, öňdebaryjy halkara kompaniýalar we iri halkara maliýe institutlary bu maslahata yzygiderli gatnaşdylar. Olaryň arasynda "Shell", "Petronas", "Gazprom", "Gaffney, Cline & Associates", NAPECO, "Hyundai", "Vitol", CNPC, "Dragon Oil", ENI, BP, "Socar", "Exxon Mobil", "Buried Hill", IFC, АБР, ЕБРР, "Allen & Overy" we beýlekiler bar.

24-nji “Türkmenistanyň nebiti we gazy” sergi-maslahaty Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda häzirki wagtda durmuşa geçirýän esasy taslamalaryň ýagdaýlary barada maglumat alyşmak boýunça bölümçeleri öz içine alar. Bölümçelerde “Nebithimiýa pudagynda maksatlar”, “Hazar deňziniň açyk deňiz böleklerinde maýa goýum mümkinçilikleri”, “Nebitgaz pudagynda maýa goýum mümkinçilikleri” we TOPH gazgeçiriji taslamasy ýaly ugurlar maslahatlaşylar.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýokary derejeli wekilleri we häzirki wagtda Türkmenistanda iş alyp barýan kompaniýalaryň ýolbaşçylary göni maýa goýum boýunça gepleşikler geçirmek üçin bölümçelere gatnaşarlar. Şeýle hem golaýda ylalaşyk gazanylan şertnamalara we Ähtnamalara gol çekiliş dabarasy geçiriler. Gatnaşyjylara Owadandepede ýerleşýän gazdan benzin öndürýän zawoda gezelenç gurnalar.

Milli we halkara media kompaniýalary – Türkmenistanyň Döwlet habar agentligi, "Orient", "Business Turkmenistan", "Turkmenportal", "Arzuw News", "Trend News" agentligi, RT, Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşigi sergi-maslahata media hyzmatdaşlar hökmünde gatnaşyp, wakalary teleýaýlym arkaly ýaýradarlar hem-de radionyň, metbugatyň, internetiň we sosial torlaryň üsti bilen birnäçe dilde ilata ýetirerler. Olara nebit we gaz boýunça ýöriteleşdirilen internet neşirleri hem goşular.

Hazar sebitinde tebigy gaza baý ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan tassyklanan gaz gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orunda durýar.

2022