“Myradym” HK balyk önümlerini güýzde ilata hödürlär

“Myradym” HK balyk önümlerini güýzde ilata hödürlär
“Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” suw howdany

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Myradym” hususy kärhanasy (HK) ýurdumyzyň suw howdanlarynda, köllerinde dürli görnüşli balyklary köpeltmek we ösdürip ýetişdirmek işini öňdebaryjy tejribä daýanmak bilen, ylmy esasda alyp barýar.

Bu kärhana “Hazarbalyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda 2015-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda, Hazar deňziniň kenarynda 15 gektar ýerde bekre balygyny we onuň işbilini ösdürip ýetişdirýän hem-de balygy gaýtadan işleýän döwrebap kärhana gurupdy.

“Türkmenistan” gazetiniň habar bermegine görä, ýurduň gündogar künjeginde täze kärhana gurmagy göz öňünde tutan “Myradym” HK Kerki etrabynyň çäginde ýerleşýän “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” (ozalky Zeýit) suw howdanyny satyn aldy. Ýurdumyzda iň uly bu emeli suw howdany balykçylyk üçin iň bir amatly ýer hasaplanýar.

“Myradym”-yň işgärleri ýörite hünärmenleriň kömegi arkaly howdanyň ösümlik dünýäsini, balyklarynyň görnüşlerini, köpeliş we ösüş aýratynlyklaryny öwrendiler. Howdanyň suwunyň durulygy we arassalygy üçin, Gün şöhlesiniň 5-8 metre çenli çuňluga aralaşyp, suwuň düýbünde dürli görnüşli suw otlarynyň ösmegine şert döredýändigi, ol otlaryň bolsa balyklar üçin iýmit gory bolup hyzmat edýändigi anyklanyldy.

Howdanda balyklaryň jemi alty görnüşiniň köpçülikleýin häsiýetde ýaşaýandygy, olaryň arasynda ak we ala tüňňümaňlaý, zagara, lakga balyklarynyň has köpdügi ýüze çykaryldy. Olaryň iýmitiniň aglaba bölegi suw otlary, mör-möjekler, galyndylar bolup durýar. Süýji suwda ýaşaýan balyk etiniň deňizde, ummanda, şor suwda ýaşaýan balygyňkydan örän süýjüdir.

“Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” suw howdanynda balyklary köpeltmek işini ylmy esasda ýola goýan “Myradym” HK öňümizdäki güýz paslynda özüniň ýetişdiren balyklaryny ilatyň saçagyna ýetirmegi maksat edinýär. Munuň üçin Lebap welaýat balyklary goraýyş we gözegçilik gullugynyň düzgünnamasyna laýyklykda, ýerli balykçylar bilen şertnamalar baglaşylyp başlandy.

Balyk awlamagyň we tutmagyň gadagan edilen görnüşlerini ulanmazlyk iri gözli torlaryň we çeň-ňekleriň kömegi bilen balyk tutmak işlerini bellenilen ýerlerinde we bellenilen wagtda geçirmek üçin balykçylar bilen ýörite düşündiriş işleri geçirildi. Kärhana öz hasabyna ýöriteleşdirilen balyk tutujy ulag gämisini hem satyn aldy. Bu gämi bilen howdanyň içinde diňe bir balyk tutmak däl, balykçylaryň işlerine-de gözegçilik edip bolýar.

Ýurdumyzda balyk ýetişdirmäge niýetlenen howdanlaryň umumy meýdany şu günki günde 1216 gektara ýetýär. Şonuň 1100 gektary harytlyk balyklaryň gezim howdany, 116 gektary bolsa bir ýyllyk balyklary ýetişdirýän howdanlardyr. Geljekde balykçylykdan alynýan girdejiniň bir böleginiň bu pudagy ösdürmäge gönükdirilmegi onuň gülläp ösmegini we bu ugurda täze mümkinçilikleriň açylmagyny üpjün eder, bu önümiň önümçilik kuwwatyny ep-esli artdyrar.

2022