“Gülälekli depe” 23 görnüşli üzümden 200 tonna hasyla garaşýar

“Gülälekli depe” 23 görnüşli üzümden 200 tonna hasyla garaşýar

Daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek maksady bilen türkmen telekeçilerine müňlerçe gektar ýer bölünip berildi. Olar üstümizdäki ýylda gök we bakja önümleriniň, miweleriň hem-de ir-iýmişleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler.

Telekeçi Sarybaý Hanbaýewiň ýolbaşçylygynda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň çäginde ýerleşýän “Gülälekli depe” daýhan hojalygynda 100 gektar ýer netijeli özleşdirilip, ondan ýokary hasyl alynýar. Bu daýhan hojalygy şu ýyl 35 gektarda ýetişdiren bagyndan üljäniň 2 tonnasyny, garalynyň 5 tonnasyny ýygyp, alyjylara hödürledi. Häzirki wagtda bişen almadyr armytlary ýygnaýan daýhan hojalygy olardan 10 tonna golaý hasyla garaşýar.

Önümlerini ýurdumyzyň dürli künjegine ugradýan S.Hanbaýewiň “Gülälekli depe” daýhan hojalygynda üzümiň 23 görnüşiniň 5300 düýbi oturdyldy. Olaryň irki görnüşleri eýýäm bişdi we giçki üzümleriň suwy süýjäp ugrady. Şu ýyl 5 gektar üzümden 150-200 tonna hasyla garaşylýar.

Daýhan hojalygy şu ýylky hasyl möwsüminde 5 gektar ýerden 80 tonnadan gowrak ýeralma hasyly aldy. Häzirki wagtda hojalyk 5 gektar ýere ekilen sogana agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edýär. Güýze çenli bu ýerden hem 100 tonna töweregi sogan ýygnalmagyna garaşylýar. 50 gektar ýerde bolsa bakja ekinleri – gawun, garpyz, kädi ösdürilip ýetişdirilýär.

2022