Süýji garpyzy nädip saýlamaly?

BT
Süýji garpyzy nädip saýlamaly?
Bişen garpyzyň gabygynyň reňki gara ýaşyl bolýar, şeýle hem ýalpyldamaýar.

Tomsuň yssy günlerinde buz ýaly garpyzdan hiç kim ýüz öwürmese gerek?! Garpyzyň tagamly bolmagy we ýeňil siňmegi möwsümiň iň ýörgünli bakja ekinleriniň biri bolmagyna getirýär. Süýji garpyz iýmegiň ýoly bolsa, ony saýlamakdan başlaýar. Garpyz almak maksady bilen bazara baranyňda birinji gabat gelen garpyzy almak agşamky dynç alşyňyzy bozmagy mümkin. Onda, iň süýji garpyzy nähili saýlamaly? Aşakdaky usullar arkaly garpyz saýlamak, ýerlikli bişen garpyzyň lezzetini almagyňyza kömek eder.

  1. Ilki bilen garpyzyň şekiline serediň. Ýetişdirilýän döwründe garpyzlaryň endigan gün şöhlesini almazlygy ýa-da ýeterlik suw “içmezligi” olaryň şekiliniň bozulmagyna getirýär. Bu bolsa tagamyna täsir edýär. 
  2. Garpyzlaryň ýetişýän döwründe toprak bilen galtaşýan ýerinde sarymtyl reňkli tegmil emele gelýär. Eger bu tegmil ýok bolsa ýa-da has solak bolsa, garpyzyň wagtyndan öň ýygnalandygyny, doly bişip ýetişmändigini aňladýar. 
  3. Garpyzyň daşky reňkine üns bilen serediň. Bişen garpyzyň gabygynyň reňki gara ýaşyl bolýar, şeýle hem ýalpyldamaýar. Daşy ýalpyldawuk bolan garpyz adatça bişmedik bolýar. 
  4. Meşhur pitiklemek usulyny barlap görüň. Bu usul bilen garpyz saýlamak has kyn hem bolsa, halkyň arasynda ýaýran usul bolup durýar. Pitikläniňizde garpyzdan doly ses çykýan bolsa bişendigini, ejiz we gowşak ses çyksa heniz çygdygyny ýa-da aşa bişendigini aňladýar. 
  5. Kesdirip görüň. Bu usul bazarlarda we dükanlarda giňden ýaýran. Satyjylaryň köpüsi müşderilerine garpyzy kesip, barlap görmegi maslahat berýärler. Eger garpyzy kesdirip aljak bolsaňyz öňünden satyja bişmedik garpyzy almajakdygyňyzy duýduryň.
2022