Türkmen zyýaratçylarynyň 160 sanysy Mekgä ugraýar

Türkmen zyýaratçylarynyň 160 sanysy Mekgä ugraýar
Geçen ýyl watandaşlarymyzyň 153-si Käbede haj parzyny berjaý edip, Mekge we Medine şäherlerinde boldular.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň 5 – 25-nji awgusty aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 160 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin “Boeing 737 – 800” kysymly uçaryň ýörite gatnawyny “Türkmenhowaýollary” agentliginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.

Geçen ýyl Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan watandaşlarymyzyň 153-si bütin dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda Käbede haj parzyny berjaý edip, Mekge we Medine şäherlerinde boldular.