“John Deere” agrotehnikalary türkmen oba hojalygynda has artýar

“John Deere” agrotehnikalary türkmen oba hojalygynda has artýar
Dünýä meşhur amerikan kompaniýasy 25 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen bazaryna iň häzirkizaman oba hojalyk tehnikasynyň nusgalaryny hödürleýär.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde (TSTB) “John Deere” amerikan kompaniýasynyň sebitleýin wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi, bu barada TSTB habar berýär.

Duşuşykda TSTB-niň ýolbaşçy düzümi, halkara bölümiň ýolbaşçylary, oba hojalygy we oba hojalyk toplumy bölümi, “Rysgal” PTB-nyň ýolbaşçy düzümi gatnaşdylar. 

Myhmanlar Birleşmäniň köpugurly alyp barýan işleri, onuň halkara gatnaşyklary, telekeçileriň milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda alyp barýan işleri barada tanyşdyryldy. Hususan-da, öňdebaryjy agrotehnologiýalaryň, enjamlaryň we innowasion tejribeleriň ulanylyşyny göz öňünde tutup, oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasy hakynda gepleşik geçirildi. “John Deere”-iň türkmen oba hojalyk toplumy bilen öňden gelýän we ynamly hyzmatdaşydygy nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň hususy hojalyklary üçin enjamlary üpjün etmegiň ýola goýulmagy boýunça gatnaşyklary ösdürmekligiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, “John Deere” kompaniýanyň ýolbaşçylary birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga, aýratyn hem, oba hojalyk tehnikasynyň täze modelleri görkeziljek innowasion tehnologiýalaryň sergisine gatnaşmaga isleg bildirýärler.

Dünýä meşhur amerikan kompaniýasy 25 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen bazaryna iň häzirkizaman oba hojalyk tehnikasynyň nusgalaryny hödürleýär. “John Deere” ulaglary özlerini meýdanlarda netijeli görkezdiler, olaryň berkligine we netijeliligine türkmen kärendeçileri tarapyndan ýokary baha berildi.

2022