“Aýdyň gijeler” we “Agzybirlik tilsimaty” täze okuw ýylyna taýýarlyk görýär

“Aýdyň gijeler” we “Agzybirlik tilsimaty” täze okuw ýylyna taýýarlyk görýär
“Aýdyň gijeler” birinji synpa barjak okuwçylar üçin “elektron kömekçileriniň” 70 müň töweregini ýygnaýar.

Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň ulgamynda hereket edýän "Aýdyň gijeler" hojalyk hasaplaşyk birleşiginde öwrediji kompýuterlerini öndürmeklik dowam etdirilýär. Kärhanada ýüzden gowrak adam zähmet çekýär. Olaryň öňünde täze okuw ýylynyň başyna çenli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmasyny ýerine ýetirmek wezipesi dur. Ýagny, ýurdumyzyň mekdepleriniň birinji synpyna barjak okuwçylary üçin okuwyň “elektron kömekçileriniň” 70 müň töweregini ýygnamaly.

Öwrediji kompýuterleriň ýene bir toparyny paýtagtymyzda başga bir kärhana ― Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklary ministrligini kompýuter tehnologiýalary Merkeziniň “Agzybirlik tilsimatlary” kärhanasynda taýýarlanylýar. Kärhananyň öňünde 80 müň sany kompýuter ýygnamak wezipesi dur. Iki kärhana tagallalaryny birikdirip, ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň talaplaryny doly berjaý ederler. Netijede şu ýyl mekdepleriň gapysyndan ilkinji gezek ätlemegi göz öňünde tutulýan 153 müň 885 okuwçynyň ählisi öwrediji kompýuterler bilen üpjün ediler.

Mälim bolşy ýaly, birinji synp okuwçylaryna kompýuter sowgat etmek däbi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýörgünlige girdi. Her ýyl çagalar bagyny tamamlap, mekdepleriň gapylaryndan ätlän çagalar döwlet Baştutanynyň adyndan ajaýyp “elektron kömekçilerini” sowgat alýarlar. Öňler bu tehnikalar daşary ýurtlardan satyn alynýardy, indi bolsa onuň önümçiligi biziň ýurdumyzda hem ýola goýuldy. Bu daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we elektron senagatyny ösdürmek boýunça özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

“Aýdyň gijeler” hojalyk hasaplaşyk birleşigi diňe öwrediji kompýuterleri ýygnamak bilen çäklenmeýär. Kärhanada ýene-de termoplast awtomatika boýunça, dürli kuwwatlykdaky energiýa tygşytlaýjy LED-lampalaryny,  häzirki zaman ýagtylandyryş enjamlarynyň işini ýerine ýetirýär 60x60, 40x40, 30x30 santimetr ölçeglerdäki asylýan göwrümli LED-potoloklary öndürýän üç seh hereket edýär.

“Aýdyň gijeler” hojalyk hasaplaşyk birleşiginiň işi elektron senagatyny ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Bu maksat bilen hojalyk hasaplaşyk birleşigi öz wagtynda ozalky Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty, häzirki Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen ýakyndan hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Kärhanada bu ýokary okuw mekdebi bilen bilelikde ýaş alymlaryň Geňeşiniň işjeň talyplary tarapyndan işlenilip taýýarlanmagy ileri tutulýan ylmy işleri önümçilige ornaşdyrylýar. Olaryň hatarynda IP-týunerler, elektron tereziler, ykjam çyralar bar. Diagonaly 32 we 55 santimetr bolan tekiz ekranly iki görnüşli telewizorlaryň öndürilişini ýola goýmak boýunça hem işler alnyp barylýar.

Bu taslamany üstünlikli berjaý etmek üçin “Aýdyň gijeler” hojalyk hasaplaşyk birleşigi we Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika instituty awgust aýynyň ortalarynda özleriniň hytaýly hyzmatdaşlarynyň ýanyna iş sapary bilen bolmagy meýilleşdirýärler. Onuň dowamynda ýurdumyzda telewizor önümçiligini ýola goýmak üçin gerek bolan enjamlary ibermek bilen baglanyşykly bilelikdäki wezipeleri çözmegiň meselelerine hem serediler.