“Birwagtlar Golliwudda” filmi “Berkararda” görkeziler

“Birwagtlar Golliwudda” filmi “Berkararda” görkeziler
Baş keşplerini Leonardo DiKaprionyň, Bred Pittiň, Margo Robbiniň paýlaşýan “Birwagtlar Golliwudda” filmi 1969-njy ýylda Golliwudyň “film senagatynda” bolan wakalara esaslanýar.

Meşhur režissýor Kuentin Tarantinonyň 9-njy filmi “Birwagtlar Golliwudda” penşenbe güni Aşgabatdaky "Berkarar" söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda görkezilişe girer. Başlangyç gününde 3 aýry wagtlarda görkeziljek bu kinonyň biledi 50 manatdan satylar.

Baş keşplerini Leonardo DiKaprionyň, Bred Pittiň, Margo Robbiniň paýlaşýan “Birwagtlar Golliwudda” filmi 1969-njy ýylda Golliwudyň “film senagatynda” bolup geçen wakalara esaslanýar. Iň gowy asyl ssenariý ugrundan 2 gezek Oskar gazanan Tarantino bu filmiň ssenariýasyny hem özi ýazdy.

Ilkinji gezek maý aýynyň 21-ne “Kann” film festiwalynda bilermenleriň gyzyklanmasyna hödürlenen “Birwagtlar Golliwudda” ABŞ-da iýul aýynyň 26-na görkezilmäge başlandy. Bu film Tarantinonyň filmleriniň arasynda başlangyç hepdesinde iň köp girdeji gazanany boldy. 11 günüň dowamynda kinoteatrlardan 81 million dollardan gowrak girdeji gazanan “Birwagtlar Golliwudda” filminiň umumy bujeti ortaça 95 million dollara deň boldy.

“Birwagtlar Golliwudda” filmi Türkmenistan bilen bir günde Russiýada hem görkezilişe girer; Ýewropanyň aglaba böleginde 15-nji we 16-njy awgustda, Türkiýede bolsa 23-nji awgustda kinoteatrlarda gözkezilmäge başlanar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022