Ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürilmegi boýunça toplumlaýyn milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde olara saldamly maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýol-ulag düzümleriniň kämilleşdirilmegi hem özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biridir.
“Türkmenistan: Altyn asyr” saýtynyň habar bermegine görä, maýa goýum goldawy netijesinde Daşoguz welaýat häkimliginiň awtoulag ýollaryny ulanyş müdirliginiň hünärmenleri bar bolan ýollaryň durkuny täzelemek we täze ýollary gurmak boýunça uly möçberli işleri amala aşyrýarlar.
Döwrebap kärhanalaryň bolmagy ýol gurluşygy sebit maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Ýollaryň köpüsiniň gurluşygynda 2007-nji ýylda germaniýaly hyzmatdaşlaryň ýardam bermeginde Gubadag etrabynda gurlan zawodda öndürilýän ýokary hilli asfalt ulanylýar.
Şeýle hem döwlet maýa goýumlary netijesinde Daşoguz welaýatynda howdanlary arassalamakda ulanylýan ýörite tehnikalar täzelenilýär. “Altyn Asyr Türkmen Köli” gurluşyk müdirliginiň bölümleriniň birinde Gollandiýada öndürilen “Beaver” kysymly läbik sorujy täze enjamyň ikisi işledilýär. Döwrebap tehnika gurluşyk müdirliginiň işgärlerine suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak babatynda zerur işleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmäge mümkinçilik berýär.