Hazar innowasion tehnologiýalar sergisine beýleki ugurlar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda ulanylýan serişdeleriň önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýalar hem gatnaşýar. Türkiýe Respublikasynyň “Safa Tarım” kompaniýasynyň wekili Çagataý Keskin “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda kompaniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy barada maglumat berdi.
Oba hojalygy ulgamynyň dürli ekerançylyk ugurlarynda ulanylýan dermanlary öndürýän kompaniýanyň wekili Keskin: “Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi bilen bu ugurda hyzmatdaşlyk saklaýarys. Häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda ulanylýan 500-e golaý dürli görnüşli dermanlary öndürýäris” diýdi.
Türkmen telekeçileri bilen hem hyzmatdaşlyk saklaýandyklaryny belläp geçen Keskin haşal otlara garşy, kömelek keseline garşy we mör-möjeklere garşy öndürýän dermanlarynyň arasyndan 12 sanysynyň Türkmenistanyň talaplaryna görä standartlaşdyrylandygyny aýtdy.
Keskin serginiň özleri üçin ähmiýetine ünsi çekip: “Serginiň netijesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy artdyrmagy maksat edinýäris” diýdi.