Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara serginiň işiniň barşynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan göçme birža söwdalary guraldy. Umumy bahasy ABŞ-nyň 380 million 179 müň dollaryndan gowrak hem-de 96 müň 600 manatlyk örän köp sanly – 256 sany baglaşylan geleşikler birža söwdalarynyň netijeleri boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 43 million manatlyk geleşik baglaşdylar.
Söwdalarda nebit-gaz we himiýa senagatynyň kärhanalarynyň – Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, “Garabogazkarbamid” we “Marykarbamid” zawodlarynyň, “Hazar” himiýa zawodynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Balkanabatdaky hem-de Bereketdäki ýod zawodlarynyň önümleri öňdebaryjylar boldy. Şol önümler TS-1 kysymly awiasion kerosin, A-80 kysymly ulag benzini, dürli kysymly dizel ýangyjy, şol sanda EKO-5 kysymly gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy, şeýle hem “B” kysymly karbamid, tehniki ýod, nebit koksy ýaly önümlerdir.
Ýakynda Ahal welaýatynda ulanmaga tabşyrylan tebigy gazdan benzin öndürýän zawod tarapyndan çykarylan ECO-93 kysymly ulag benzini we suwuklandyrylan gaz, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň Gyýanlydaky polimer zawodynyň ýokary dykyzlykdaky polietileni daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň aýratyn isleginden peýdalandy.
Bu nebit we gazhimiýa önümlerini Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Lýuksemburgdan, Singapurdan, Maltadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan bolan işewürler satyn aldylar. Bu tapgyrdaky geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 335 million 476 müň dollaryna barabar boldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazarymyz üçin umumy bahasy 43 million manat bolan polietilen we polipropilen satyn aldylar.
Türkiýäniň, Şweýsariýanyň işewürleri oba hojalyk önümlerine degişli söwdalara gatnaşdylar. Olar pagta süýümini satyn almak üçin umumy bahasy ABŞ-nyň 36 million 884 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 4-sini baglaşdylar.
Ýeňil senagaty boýunça söwdalara Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Gruziýadan we beýleki ýurtlardan bolan işewürler gatnaşdylar. Olar nah ýüplügini, flanel hem-de jinsi matalary satyn almak üçin umumy bahasy ABŞ-nyň 6 million 308 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 19-syny hem-de 96 müň 600 manatlyk bahasy bolan 1 geleşik baglaşdylar.
Gurluşyk serişdeleri boýunça söwdalara Özbegistanyň we Gonkongyň işewürleri gatnaşyp, reňksiz aýna we portlandsement satyn almak üçin umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 510 müň dollaryndan gowrak bolan 9 geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna ISO 9001 ölçegine kybap gelýän degişli güwänama gowşuryldy. Bu resminama biržada Halkara standartlaşdyrmak guramasynyň (International Organization for Standardization) talaplaryna kybap gelýän hil menejmenti ulgamynyň üstünlikli hereket edýändigine şaýatlyk edýär.