Daşoguz “Çeper” tikin fabrigi 5 million manada golaý önüm öndürdi

Daşoguz “Çeper” tikin fabrigi 5 million manada golaý önüm öndürdi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki “Çeper” tikin fabriginiň tikinçileri ýokary zähmet netijelerini gazanýarlar. Bu ýerde ýylyň başyndan bäri 4 million 930 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, meýilnama 123 göterim berjaý edildi.

Kärhanada önümçiligiň ähli görnüşleri boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 135 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Fabrikde öndürilýän önümleriň aglaba bölegi buýurmalar esasynda taýýarlanylýar. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň senagat, gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň, şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Serhet gullugynyň, Goranmak ministrliginiň buýurmalaryna laýyklykda öndürilen tikin önümleriniň mukdary ep-esli artdy.

Häzirki wagtda fabrikde 100-den gowrak görnüşli tikin önümleri öndürilýär. Bu ýerde çagalar üçin tikilýän egin-eşikler, dürli möçberdäki ýorgan-düşekler ilat arasynda ýokary islegden peýdalanýar. “Çeper” tikin fabriginiň bölek satuw üçin täze biçüwdäki bäsdeşige ukyply ýokary hilli önümleri ministrligiň welaýatyň çäginde ýerleşýän ýörite dükanlar arkaly ilata ýetirilýär.

2022